MERDANA NESILLERIŇ BÄSLEŞIGI

     Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde «Merdana nesil—2024» atly şadyýan bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatyň etrap-şäherlerinden öňe saýlanan zehinli çagalar gatnaşdylar.

     Bäsleşigiň dowamynda oglanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpany, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň, döredijilik çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerinde ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Umyt Töräýew birinji we Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Allanur Kakageldiýew ikinji baýrakly orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

 

Rahman ERGEŞOW,

TMÝG-nyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 4 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 3 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 144 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM