Adamzat döräli bäri tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşykda ýaşaýar. Tebigat diňe bir ýaşaýyş gurşawymyz bolman eýsem, biziň saglygymyz, ruhy durnuklylygymyz, hat-da geljegimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi, tokaýlaryň ýok edilmegi, suwuň hapalanmagy ýaly ýagdaýlar diňe bir ýurda däl, eýsem bütin adamzada täsir edýär. Şonuň üçin “Tebigaty goramak — özümizi goramakdyr” diýen pikir diňe bir jümle bolman eýsem, çuňňur manysy bolan çagyryşdyr.
Tebigatyň durnukly ýagdaýda saklanmagy adam saglygynyň kepili bolup durýar. Arassa howa, suw, tebigy iýmitler — bular biziň her birimiziň gündelik durmuşymyzda sagdyn ýaşamak üçin zerur zatlardyr. Eger-de biziň howamyz zäherli gazlar bilen hapalansa, suw çeşmeleri zäherlenip gitse, onda adamlaryň saglygy ýaramazlaşýar, dürli ýokanç keseller ýüze çykýar. Diýmek, tebigatyň durnuklylygyny goramak bilen adamzat özüniň hem durnukly ösüşini üpjün edýär.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ekologiýa boýunça birnäçe çäreler görülýär: tokaý zolaklary dikeldilýär, zibiller gaýtadan işlenýär, howanyň hapalanmagyna garşy göreşilýär. Şeýle çäreler ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hem uly orun eýeleýär. “Tebigat biziň öýümizdir” diýen ýörelge bilen ýurdumyzda köp sanly tokaýlar oturdylýar, “ýaşyl zolagyň” giňeldilmegine uly üns berilýär.
Netijede, tebigaty goramak bilen biz diňe tokaýlary ýa-da derýalary däl, eýsem özümizi, geljek nesilleri gorap saklaýarys. Her birimiz bu jogapkärçiligi öz üstümize alanymyzda, tebigat hem bize sagdyn, durnukly we rahat ýaşaýyş bilen jogap berer.
Döwran NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.