Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda dürli ulgamda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda maşgala gymmatlygy, nika bozulmalaryň öňüni almak hem-de milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen «Maşgala mukaddes daragt» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler asyrlar aşyp gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, asylly däp-dessurlarymyz, maşgala mukaddesligi, gelin-gyzlaryň edep-ekramy, ahlak arassalygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlara uly hormat-sarpa goýýan, olaryň döwlet goraglylygyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.