GÖZEL TEBIGATYMYZY GORAMAK — BIZIŇ BORJUMYZ

Tebigat – adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Tebigatyň arassa howasy, süýji suwy, bereketli topragy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy ýaşaýşymyzyň berk sütünidir. Halkymyz irki döwürlerden bäri tebigaty goramagy, ony aýawly saklamagy mukaddes borç hasaplapdyr. Häzirki döwürde bolsa, gözel tebigatymyzy goramak diňe bir borç däl-de, eýsem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň “ýaşyl” syýasatynyň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ähli welaýatlarda köpçülikleýin bag ekmek çäreleri geçirilýär. Ýurduň çar künjeginde döredilýän tokaý zolaklary diňe bir şäherleriň keşbini gözelleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga hem uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary, Aral deňzini halas etmäge gönükdirilen halkara çäreleri, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynda ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňe sürýän teklipleri halkara derejesinde hem uly goldawa eýe bolýar.

Daglarymyzyň belentligi, sähralarymyzyň giňligi, derýalarymyzyň joşguny, guşlaryň owazy we jandarlaryň dürli görnüşleri halkymyzyň döredijilige ruh berýän çeşmesidir. Türkmen halkynyň edebiýatynda, halk döredijiliginde we sungatynda tebigata aýratyn orun berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýaşlaryň köpçülikleýin bag ekmek çärelerine gatnaşmagy, ekologiýa boýunça halkara olimpiadalara gatnaşyp üstünlik gazanmagy olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Gözel tebigatymyzy goramak – biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ene topragyň baýlyklaryny gorap saklamak, ýaşyl zolaklary giňeltmek, suw çeşmelerini arassalamak we jandarlary goramak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, diňe häzirki döwrüň däl-de, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 38 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 32 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM