BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen ýaşlaryň gatnaşmagynda “Asylly däp alysa gider” atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Döwran Myradow, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy, şahyr Şirinjemal Ýegelekowa, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň Medeni-guramaçylyk işleri boýunça bölüminiň başlygy Guwanç Gurtjaýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Merýem Babaýewa dagylar çykyş edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wezipelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatnaşmagyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň tutýan aýratyn orny barada giňişleýin söhbet etdiler.

Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 27 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 32 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI