Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Döwletli maslahatyň bosagasynda” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň has-da pugtalandyrylmagyna, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleriň kabul ediljekdigi nygtalyp geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy bagtly we nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýazjemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.