Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň döwrüň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap, giň, ýagty okuw otaglarynda bilim almagy, kämil derejä eýe bolan okuw usulyýetinde okamagy bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilik döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde bolsa häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň dünýäniň islendik künjeginde geçirilýän zehin bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmagy halkymyzyň giň jahanda at owazasynyň belentden ýaňlanmagyna ýol açýar.
Her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeginde täze çagalar bakja-baglarynyň, mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň binalar toplumynyň yzygiderli açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda edilýän çäksiz aladalaryň nyşany bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň gözýetimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Gülkamar MUHAMMETDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.