Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni diplomatiýanyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär.

Ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylym, bilim we medeniýet babatda örän çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Bu pudaklarda amala aşyrylýan çuňňur özgertmeler giň halkara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar. Bu ugurda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, ýagny, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň BMG-niň parahatçylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalanmagyna we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Adamzadyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň hatyrasyna tagallalaryň birleşdirilmegi, bilim, ylym, medeniýet we maglumat ulgamlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly sosial- ykdysady we gumanitar wezipeleri amala aşyrmakda deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň esaslaryny düzýär.

ÝUNESKO-nyň taryhyna ýüzlensek, ol 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň maksady bilimiň, ylymyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda beýik pikiri – parahatçylygy goramak, hoşniýetlilik, geçirimlilik pikirlerini oýarmakdan ybaratdyr. Bu guramanyň tertipnamasynda «Uruş hakyndaky pikir adamyň aňynda döreýär, şonuň üçin hem olaryň aňynda parahatçylygy goramak pikirini oýarmaly diýen sözler ýöne yglan edilen şygar däl-de, onuň ýörelgesidir.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çekilensoň, bu abraýly halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. 1993-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Milli iş topary döredildi. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy hem açyldy.

Medeni mirasy goramak ÝUNESKO-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigy mirasy goramak barada ÝUNESKO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. Türkmenistan bu Konwensiýa 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çekdi.

Ýakyn ylmy gatnaşyklary ýola goýmak, iri daşary ýurt ylmy-barlag merkezleri we halkara düzümleri, şol sanda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ugurda geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan döwletimiz 2013-2017-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalylygyna saýlandy. Bu saýlawlar 2013-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 37-nji mejlisiniň dowamynda geçirildi. Olaryň netijesinde Türkmenistan bu gurama gatnaşýan 185 döwletiniň 134-siniň biragyzdan goldamagy esasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy boldy.

Bu hakykatdan-da örän ähmiýetli taryhy wakadyr. Çünki Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda iň abraýly halkara guramalaryň biri bolan ÝUNESKO-nyň düzümine ilkinji gezek saýlandy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda umumadamzat gymmaty bolan täsin taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň üçüsi – Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý bar. Bu ugurdaky işler dowam etdirilip, Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy, iri türkmen şäherleriniň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň toparlaýyn görnüşi hünärmenler tarapyndan öwrenilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, durmuşyny, medeniýetini, ahlak gözelliklerini, döwletlilik ýörelgelerini, parasatly däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän «Görogly dessançylyk sungaty», 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen, halkymyzyň milli baýramçylyk däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Nowruz baýramy», 2017-nji ýylda türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp dessurlaryny özünde jemleýän «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda bolsa nepis sungatymyz bolan «Türkmen milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmek maksady bilen Konwensiýanyň talaplaryna laýyklykda resminamalary taýýarlamak işleri işjeň alnyp barylýar.

Mundan başga-da, «Hoja Nasreddiniň degişmeleri» atly hödürnama Azerbaýjan, Gyrgyz, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan döwletleri bilen bilelikde taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmek üçin nobata goýuldy.

2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamasyna garaldy. Şol sanawa ahalteke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy dutar degişlidir.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikde hereket etmegiň täze meýilnamasynyň taslamasynda aşakdakylar göz öňünde tutulýar, ýagny, 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaýyň Türkmenistana resmi saparyny guramak, taryhy şäherleriň ösüşinde ÝUNESKO-nyň ölçeglerini öwretmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde ýörite okuwlary açmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýlekilerde ýene-de ençeme taslamalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedrasyny döretmek, geljekde bolsa, şäherlerimiziň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi.

ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi Türkmenistanyň örän baý medeni taryhy mirasyny, ajaýyp tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek barasyndaky bilelikdäki tagallalaryň güýçlendirilmegine berk esas bolup hyzmat edýär.

Biz – talyp ýaşlar bagtyýar halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda , öwrenmekde we gorap saklamakda döredýän ähli şertleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary aýdýarys!

Laçyn HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Meňzeş habarlar