Haly mukaddesligi

Çitimiňe siňip zenan yhlasy,

Mähir siňip her bir darak, kakymňa.

Watandan döräpsiň mukaddes bolup,

Diýmek seni paş etmäge hakym bar.

 

Bäbejikkäm emedekläp üstüňde,

Ýörjenlikde sende aýak basanym.

Saňa ebedilik siňer arzuwlam,

Hem ebedi siňer beren kasamym.

 

Törlermiziň bezegi sen, bezegi,

Ýatladyp bahary güller açanda.

Kalbym aram tapýar, gussaly çagym,

Sende başym goýanymda haçan-da.

 

Şanyň arşa galsyn arşlardan geçip,

Gymmatyň beýgelsin çende durmasyn.

Beýiklige laýyk görlen sungatsyň,

Şonuň üçin bezäp, türkmen tugrasyn.

 

Arşa ýaň salyp dur, nur saçyp dünýä,

Türkmeniň gadymdan gelýän sungaty.

Bu türkmen toprakda gelen kemala,

Ýaradanyň peşgeş beren zynaty.

   Nurmuhammet HAŞYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  IV ýyllyk talyby.

Meňzeş habarlar