TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ ROWAÇ MENZILLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Arkadagly Serdarymyz iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işleriniň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýdyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär.

Biz Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygy boýunça amala aşyrylýan köpugurly işleriň ähmiýeti, bu ugurda öňde durýan wezipeleri barada gyzyklanyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa bilen söhbetdeş bolduk.

— Hormatly Prezidentimiz ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmegi medeni diplomatiýamyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Siz, Çynar Täjiýewna, milli toparyň jogapkär sekretary hökmünde bu babatda amal edilýän işlere gönüden-göni işjeň gatnaşýarsyňyz...

— ÝUNESKO ugurly işlere dahylly bolmak babatda döwletimiz tarapyndan şeýle uly wezipäniň ynanylmagy biziň üçin hem buýsançly, hem örän jogapkärçilikli ýagdaýdyr. Şol ynam hem bizi halkymyza, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmäge, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny goldamaga we oňa işjeň gatnaşmaga borçlandyrýar.

Häzirki döwrüň çylşyrymly meseleleriniň çözgüdinde medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmak BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň möhüm wezipeleriniň biridir. Gurama agza döwletleriň 193-siniň çäklerinde saklanyp galan taryhy, medeni, tebigy mirasy dikeltmek, rejelemek, gorap saklamak we olaryňähmiýetini, aýratynlyklaryny açyp görkezmek bilen, ýaş nesilleri bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga höweslendirmegi maksat edinýär. Hut şu wezipeler biziň işimiziňhem esasy mazmunyny düzýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan käbir täsin desgalar saýlanyp alnyp, olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň üç sany özboluşly taryhy-arheologik ýadygärligi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar. Munuň özi bu taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň halkara derejedäki belent ykrarydyr.

— Türkmenistan ÝUNESKO-nyň möhüm halkara konwensiýalaryna hem gatnaşyjy bolup durýar. Bu ugurdaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça nähili işler alnyp barylýar?

— BMG-niňBilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň öňe sürýän taslamalaryny, teklipdir başlangyçlaryny, beýleki resminamalaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmek wajyp meseleleriň biridir. Ýeri gelende aýtsak, agzalyga kabul edilen pursatlaryndan başlap, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň konwensiýalarynyň12-sine goşuldy we häzirki wagtda olary üstünlikli ýerine ýetirýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Biziň diňe bir taryhy ýadygärliklerimiz däl, eýsem, maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň hem birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gysga möhletde «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyňbu abraýly sanawda mynasyp orun almagy biziňüçin buýsançly ýagdaýdyr.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň esasy wezipesi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde taryhy ýadygärliklerimiziň, halkyň aňynda saklanyp galan gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini ýokarlandyryp, olary täze görnüşde we usullarda halk köpçüligine ýetirmek hem-de dünýä medeniýetiniň düzümine girizmek bilen, türkmen halkynyň mukaddeslige öwrülip giden medeni we taryhy gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakdan ybaratdyr.

Öňde durýan wezipeler barada aýtsam, häzirki wagtda Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barýarys. Oňa ugurdaş ministrliklerdir pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de ahalteke atçylygyny we atlary şaý-sepler bilen bezemek däbini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýörite resminama taýýarlanylyp, häzir bu teklibimiz gurama tarapyndan öwrenilýär.

— Diplomat zenan hökmünde Siziň maddy däl medeni gymmatlyklarymyz baradaky garaýyşlaryňyz köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek...

— ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň geçen ýylyň dekabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň tarapyndan hödürlenen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy. Biz bu ugurda alnyp barlan işlere yzygiderli gatnaşdyk. Ýokarda-da aýdyşym ýaly, şol sanawda türkmen halkynyň arasynda giňden meşhurlyk gazanan «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň bolmagy maddy hem-de medeni gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan, olary gorap saklamakda irginsiz tagalla edýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da artdyrýar.

Şu ýerde geçen ýyl Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Keşdeçilik sungaty» atly hödürnamany taýýarlamaga girişendigimizi hem bellemek isleýärin. Soňky geçirilen gepleşikleriň dowamynda eýran tarapynyň teklibi bilen bu hödürnama «Türkmen keşdeçilik sungaty» diýlip atlandyryldy. Şunlukda, häzir türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky teklibimiz ÝUNESKO-nyň bilermenleri tarapyndan içgin öwrenilýär. Onuň netijeleriniň-de şu ýylyň ahyryna çenli yglan edilmegine garaşýarys. Geljekde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däbini, demirçilik senedini, awçylyk ýörelgelerini, aýratyn-da, türkmen tazysyny we elguş ulanmak däplerini, milli göreşi, kärizçilik sungatyny, türkmen telpeginidir dogramasyny, umuman, milliligimizi açyp görkezýän gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizmek boýunça işler biziň meýilnamamyzda mynasyp orun eýeleýär.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty taryhy şahsyýetlerimizi öwrenmek boýunça-da iş alyp barýarmy? Milli teleýaýlymlarda, metbugatda taýýarlanylýan çykyşlarda muňa ýygy-ýygydan gabat gelýäris.

— Elbetde. Geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda ýurdumyzda has irki döwürlerden saklanyp galan milli ýazuw ýadygärliklerimizi, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerini öwrenip, olary ÝUNESKO-nyň«Dünýä hatyrasy» atly halkara sanawyna girizmek boýunça işlere girişdik. Ilkinji ädimi beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden başladyk we onuň golýazmalar toplumyny bu sanawa goşmak üçin tabşyrdyk. Diýarymyzyň çäginde daglaryň, gaýalaryň ýüzlerinde ýazylan ýazgylara-da gabat gelmek bolýar.

Ýakynda «Miras» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Medeniýet ministrlikleriniň, Zenanlar birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly etrabynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk işleri barada maslahat geçirdik. Şeýle-de bu etrabyň çäginde uzap gidýän daglaryň gaýalarynda saklanyp galan ýazgylaryň şaýady bolduk. Bu ýerler il arasynda «Peleňli zaw» ady bilen tanalýar. Elbetde, bu syrly ýazgylaryň haýsy dilde ýazylandygy, haýsy döwre degişlidigi baradaky mesele ozal hem alymlardyr bilermenleriň ünsüni özüne çekipdir, ençeme gezek olary baryp görmäge, öwrenmäge synanyşylypdyr. Biz bu gyzykly, entek öwrenilmeli mesele hakyndaky pikir-garaýyşlarymyzy teleýaýlym arkaly halka ýetirdik. Häzirki wagtda bu syrly ýadygärligi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda dünýä belli bilermenleriň, guramanyň daglarda, gaýalarda saklanyp galan irki ýazuw ýadygärlikleri boýunça ýörite iş alyp barýan toparynyň alymlarynyň gatnaşmagynda öwrenmegi göz öňünde tutýarys.

Biziň esasy wezipämiz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde taryhy ýadygärliklerimiziň, halkyňaňynda saklanyp galan gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini ýokarlandyryp, olary täze görnüşde we usullarda halk köpçüligine ýetirmek hem-de dünýä medeniýetiniň düzümine girizmek bilen, türkmen halkynyň mukaddeslige öwrülip giden medeni we taryhy gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakdan ybaratdyr.

BMG-niň bu abraýly düzümi bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikleri milli we daşary ýurt metbugat neşirlerinde hem yzygiderli wagyz edýäris. Taryhy ýadygärliklerimizi, milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

— Beren gyzykly hem täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan

 Oguljennet JUMALYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe

we sport institutynyň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar