Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak maksady bilen giň gerimli we uzak möhlete gönükdirilen işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygynda, jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklary, ýerine ýetirilmeli wezipeleri «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» arkaly ýyl-ýyldan kämilleşdirilýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biridir. Bu kadalaşdyryjy hukuknama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini we ýörelgelerini kesgitleýär. Kanun ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny, ýaşlaryň döwlet syýasatyny we jemgyýetiň ösüş maksatnamalaryny döretmäge we amala aşyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylmagy hukuk binýadyny döretmekde nobatdaky ädim boldy. Döwlet Maksatnamasynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri we ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrdylar we olaryň dowamynda mugallymlaryň, talyplaryň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky ýaş hünärmenleriň tekliplerini öwrendiler. Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Bu günki gün 25 ýaşa çenli bolan ýaşlar dünýä ilatynyň sanynyň 3 milliardyny düzýär. Şu jähtden ýaşlar dünýä ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Globallaşýan dünýämiziň geljegi bolan giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar baradaky syýasat dünýä döwletleriniň ählisinde ileri tutulýan ugurlygyna galýar. Bu syýasaty ösdürmekde halkara jemgyýetçiligi öz tagallalaryny birleşdirip, ählumumy derwaýys meselelerden üstünlik bilen baş alyp çykmaga ymtylýarlar. Aýratyn hem bu ugurdaky işler ÝUNESKO-nyň çäginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Halkara ýaşlar gününiň döredilmegini bu ählumumy tagallalaryň möhüm başlangyjy hökmünde kabul etmek maksadalaýykdyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy 1998-nji ýylyň 8-12-nji awgusty aralygynda Lissabonda geçirilen ýaşlaryň işleri boýunça ministrleriň Bütindünýä konferensiýasynyň teklibi esasynda, 1999-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky (54/120 belgili) karary bilen 12-nji awgusty – Halkara ýaşlar güni hökmünde yglan etdi. Ýaşlaryň ilkinji halkara güni 2000-nji ýylyň 12-nji awgustynda bellenilip, her ýyl bu gün BMG agza ýurtlarda, şeýle hem ÝUNESKO-nyň çäginde halkara derejesinde baýram edilýär. Halkara ýaşlar gününiň ähmiýeti ýaşlaryň dünýäde parahatçylygy we ösüşi gazanmakdaky ornuny artdyrmakdan we bu mesele babatda olaryň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. Bu halkara başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen ençeme döwletlerde milli ýaşlar güni aýratyn sene hökmünde bellenilýär.
Dünýäniň ençeme döwletleriniň ýaşlaryny özara birikdirýän bu halkara gününde ýaşlaryň pikirlerini dünýädäki derwaýys meseleleri çözmekde peýdalanmak hem-de olary karar kabul etmek işine çekmek boýunça ýörite şygar esasynda köpçülikleýin çäreler, maslahatlar we özara pikir alyşmalar geçirilýär. 2022-nji ýyl üçin bu şygar “Ählumumy birlik: ähli ýaşdakylar üçin dünýäni döretmek” diýlip atlandyryldy. Şu nukdaýnazardan, Halkara ýaşlar gününiň temasynyň maksady, ähli nesilleriň DÖM-na ýetmek üçin bilelikde hereket etmelidigi we hiç kimiň bu işde yzda galdyrylmazlygy baradaky pikiri öňe sürýär.
Bu günki häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) gün tertibinde duran esasy wezipeleriniň biri-de ýaşlaryň ösüşi bilen bagly bolup durýar. ÝUNESKO halkara we sebit derejesinde alyp barýan işinde BMG tarapyndan öňe sürlen ýaşlar baradaky ählumumy kesgitlemäni ýörelge edinýär. Bu görkezijä laýyklykda ilatyň 15-den 24 çenli ýaş aralygyndakylar ýaşlar hasaplanýar. Dünýä ilatynyň 20% golaýyny düzýän ýaşlar häzirki wagtda döwrümiziň abraýly halkara guramalarynyň üns merkezinde durýar. Halkara düzümleriň arasynda aýratynda ÝUNESKO bu meselä aýratyn çemeleşýär, sebäbi ýaşlar – jemgyýetiň birmeňzeş bolmadyk, hemişe üýtgäp durýan topary bolup, ÝUNESKO-nyň alyp barýan işinde olaryň goşýan goşandy möhüm orun eýeleýär. ÝUNESKO özüniň alyp barýan maksatnamalaryny we taslamalaryny goldamakda bu işe ýaşlary çekmek hem-de ýaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgesinden ugur alýar. ÝUNESKO-nyň Baş sekretary I.Bokowa ýaşlaryň häzirki zaman orny barada: “Biziň maksadymyz ýaşlaryň potensialyny ösüş we parahatçylyk üçin hyzmatdaş hökmünde ulanmakdan ybaratdyr ” diýmek bilen ÝUNESKO-nyň bu ugurdaky maksatlarynda we ýörelgelerinde ýaşlar bilen işleşmäge ygrarlydygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hem ýaşlar bilen baglanyşykly bu ugurly netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2020-nji ýylda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda milli toparyň sekretariaty ÝUNESKO bilen alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlykda ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly birnäçe taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar. Ýagny, ÝUNESKO-nyň bilim ulgamy boýunça “UNITWIN” maksatnamasynyň çäginde 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda işe giriziljek ýurdumyzyň taryhynda ilkinji ÝUNESKO kafedralary hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 6-syny bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň ulgamyna girizmek boýunça görülýän çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Ýaňy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO-nyň ilkinji kluby açylyp, ol guramanyň alyp barýan işi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirmekde hem-de olary köpçülige wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Klubuň esasy maksady adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek arkaly bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Klub ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalaryna gatnaşmakda ýaş zehinlere goldaw berip, ÝUNESKO-nyň dünýädäki beýleki ugurdaş klublary bilen aragatnaşyk saklamaga, dürli ýadygärliklere syýahat etmäge, gurama tarapyndan yglan edilen halkara ýyllaryň, bütindünýä hepdelikleridir günleriniň dabaralaryna, halkara maslahatlara we olimpiadalar gatnaşmaga mümkinçilikler meýdanyny döreder.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hatrynda gülledip ösdürmekde uly ynam bildirilýändigi Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne jümlelerinde hem bütin aýdyňlygy bilen öz şöhlelenmesini tapýar: “Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz mynasyp ornuny tapýar.”
Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.