TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň netijeleri Bütindünýä mirasynyň sanawynda

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 40-dan gowrak abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn  hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Dünýäde medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde hiç wagt ünsden düşürilmän gelýär. Biz bu işde  ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys...» diýip, ýokary baha berýär.  

ÝUNESKO 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Guramanyň merkezi edarasy Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşip, onuň  193 sany esasy agzasy we 11 sany assosirlenen agzasy bar. ÝUNESKO-nyň öňde goýan maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýar. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga-da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.

 ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi goramakdan, ählitaraplaýyn öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» (1999ý.), «Köneürgenç» (2005ý.),  «Nusaýyň Parfiýa galalary» (2007ý.) döwlet medeni-taryhy ýadygärlikleri, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa, «Görogly» şadessany (2015ý.), «Nowruz baýramy» (2016ý.), «Küştdepdi» (2017ý.) türkmen milli aýdym-tans sungaty, Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019ý.) «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» (2021ý.) ýaly gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021—2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket etmegiň täze meýilnamasy hereket edýär. Meýilnama laýyklykda, ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna: «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda paýtagtymyz nowjuwan Aşgabady;  «Senetçiler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady; «Edebiýat» diýen ulgamda bolsa Mary şäherini girizmäge taýýarlanyldy. Bu ugurda eýýäm resminamalary taýýarlamagyň deslapky işlerine girişildi.

Mundan başga-da bu sanawa indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň, Ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatynyň, «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň üstünde işlenilmegi we hödürlenilmegi türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz hem 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: «...türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungatyňam demirçilik senedini, türkmen milli göreşini hem bu sanawa girizeris. ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşarys. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, orta mekdeplerimiziň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizeris» diýip, ynamly belledi. Şonuň ýaly-da türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli aýratynlygyny  açyp görkezýän  türkmeniň «Ak öýi», türkmen milli lybasynda aýratyn üns çekýän, tüýleri buýra-buýra, seçelenip duran silkme telpegi, «Dograma» milli nahary hem gaýtalanmajak, özboluşly sungat derejesinde ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmaga mynasypdyr.

Munuň üçin  häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak,  geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň,  web-saýtlaryň, nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen Türkmenistan – ÝUNESKO hyzmatdaşlygyň taryhy, onuň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri, hususan-da ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna giren taryhy ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary, ähmiýeti halk köpçüligine wagyz edilýär.

 

Jemile PÜRJÄÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynynyň

Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti

kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar