TÜRKMEN ALABAÝY – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy-halkymyzyň milli buýsanjy» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmeniň milli buýsanjy bolan alabaý itlerini ösdürmek ugrunyň bolmagyny geljekde bu işleriň ylmy taýdan düýpli öwrenilmeginde we onuň wagyz edilmeginde, bu ýörelgeleriň maddy däl medeni mirasyň görnükli nusgasy hökmünde nesilden-nesle geçirilmeginde hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň many-mazmun taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolmagynda özüniň oňyn täsirini ýetirjekdigini aýratyn belläp geçdiler.

Hut şu nukdaýnazardan ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň döreýiş taryhyny, onuň genefonduny ylmy taýdan öwrenmek babatynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetinde Kinologiýa hünäri açylyp talyp ýaşlara bu ugurda bilim berilýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýmek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna goşant goşan mirasyny geljekki nesillerimize ýetirmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge we bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hut şonuň üçin hem alabaý itleriniň bu gymmatly häsiýetlerini saklamak, ösdürmek, olary köpeltmegiň tejribelerini öwrenmek we umumylaşdyrmak, bu ugurda tejribe alyşmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu wezipelerden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan hususy itşynaslar bilen degişli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar, şeýle hem döwletimiz tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda «Ahalteke atlaryny seýislemek» hem-de «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek» sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky hormatly Prezidentimiziň teklibini ähli türkmen halkymyz bilen bir hatarda ýaşlar tarapyndan hem uly goldawa eýe boldy diýip, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda uly buýsanç bilen bellediler.

Hawa, alabaý itimiz biziň milli buýsanjymyz. Onuň eserdeňligi, paýhaslylygy we duýgurlygy hakykatdanam söz bilen beýan ederden has ýokary. Hormatly Prezidentimiziň alabaý itimiz, ahalteke bedewimiz, türkmen arwanasy, düýesi ýaly gymmatly we janly ruhy baýlyklarymyz belende galdyrmak baradaky belent başlangyçlary her bir türkmen raýatynyň kalbynda esasanam zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň kalbynda tükeniksiz buýsanç döredýär. Goý, şeýle işleri bilen adygýan hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Altyn BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar