Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan Ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen Ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir. Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär.
Türkmen bedewi Ahal ýaýlasynda dünýä inipdir. Birnäçe ýazuw maglumatlaryna görä, XIX asyryň ahyrlarynda türkmen bedewlerimiz «ahalteke» adyna mynasyp bolupdyr. Gadymy grek akyldary, taryhyň atasy Gerodot behişdi bedewlerimize «nusaý» aty diýip at beripdir. Bu arassa ganly bedew diýmegi aňladypdyr. 1938-nji ýylda Oba hojalyk ylymlarynyň Bütinsoýuz akademiýasynyň maldarçylyk bölüminiň XIII mejlisinde ahalteke atlary arassa ganly diýip ylmy taýdan ykrar edilýär.
Atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak, şeýle-de atlar köpeldilende, ösdürip ýetişdirilende we ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şeýle hem «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, bu Kanun atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýär.
2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynda Döwlet Tugrasynyň kiçi tegeleginiň içinde türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewiň şekillendirilendigi barada hukuk kada berkidilen. Bu bolsa türkmen bedewine goýulýan sarpanyň ýokary derejededigini açyp görkezýär. Bu nyşan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hakyky keşbini dünýä ýaýýan ilkinji hem-de buýsandyryjy nusgamyzdyr.
Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Gadymy nusgawy edebiýatymyzda atlar türkmen gerçekleriniň dosty, wepaly ýoldaşy hökmünde suratlandyrylýar. Türkmeniň batyr ogullary Watanyna howp abananynda özüniň bedew atyna atlanyp, duşmana garşy durup, bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Dünýäniň hökümdarlary taryhyň aýgytlaýjy döwürlerinde özlerini halas etjek iň uly güýjüň bedewlerdedigine düşünipdirler. Bedew atlaryň duşmana gaýtawul bermekde ok-ýaraglardan hem has gereklidigini belläpdirler. Gözbaşyny ýüzýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan edebi gymmatlyklarymyzyň naýbaşy eseri bolan «Görogly» şadessanynda hem Gyratyň Görogla bolan wepadarlygy, onuň durmuşyndaky tutýan ornunyň uludygy barada eseriň başyndan tä ahyryna çenli çeper beýan edilmegi bedewleriň türkmen gerçekleriniň goly-ganaty bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimiz barada «At – myrat!», «Atym bar – ganatym bar», «Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At ýigidiň myrady» ýaly pähim-parasada ýugrulan nakyldyr aýtgylaryny uly joşgun bilen beýan edipdirler. Bu bolsa atyň adamzadyň durmuşynda uly orun eýeleýändigine, oňa ýokary gymmatlyk hökmünde garalýandygynyň subutnamasydyr.
Ahalteke bedewlerimiziň gözelligini türkmen gelin-gyzlaryna meňzedipdirler we bedewlerimizi ussat zergärlerimiziň inçeden nepis ýasaýan owadan milli şaý-seplerimiz bilen bezäpdirler. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk Ahalteke bedewlerimiz diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem tutuş dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Muňa dünýä meşhur jahankeşdeleriň, ýazyjylaryň, atşynaslaryň türkmen bedewleri barada aýdan sözleri aýdyň mysaldyr. Gadymy grek taryhçysy Ksenofont Ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyna: «Ýüwrüklikde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzyna zordan eýerýär» diýip, uly baha berýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ahalteke bedewlerimiz adamyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän gözelliginiň – gözellik gözleginiň netijesidir. Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr» diýip belleýär. Bu bolsa türkmen bedewleriniň gadymyýetden bäri goç ýigitleriň ýakyn ýoldaşy bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Ýaşaýşyň agyr pursatlarynda eýesini ýalňyz goýmadyk, gaýgydyr-gussasyny deň çekişen bedewler hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak mukaddeslikdir. Şonuň üçin hem türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan Ahalteke bedewlerimiziň abraýy belende göterilýär, olar barada uly işler durmuşa geçirilýär. 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň ştab-kwartirasynyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi, türkmen Ahalteke bedewiniň diňe bir ata Watanymyzda däl-de, eýsem halkara derejesinde uly baha eýedigine şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylda Ahalteke bedewlerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýä ýurtlarynda özüniň owadanlygy, ýyndamlygy bilen ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da arşa galdyrdy. Bu sene atçylyk sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda hem atyň şekiliniň ýerleşdirilmegi bedewlerimize goýulýan sarpanyň ýokary derejededigine açyp görkezýär. 2018-nji ýylda Akhan atly Ahalteke bedewimiziň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen Ahalteke bedewiniň mukaddes gymmatlygyny ýene bir gez beýgeltdi. Häzirki wagtda bolsa Ahalteke bedewleri seýislemek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada teklipnama taýýarlanyldy. Bu bolsa biziň milli buýsanjymyz bolan Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Aýgözel BEGJANOWA,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
hukuk fakultetiniň talyby.