MEDENI MIRASYM — MILLI BAÝLYGYM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan «Medeni mirasym — milli baýlygym» diýen şygar esasynda «Magtymguly Pyragy» muzeýine gezelenç guraldy.

Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda ýaşlar milli mirasymyz bilen içgin tanyşdylar, muzeýiň gymmatlyklary barada gyzykly maglumatlary diňlediler, olaryň taryhy-medeni ähmiýeti hakynda giň düşünje aldylar. Etrapda bar bolan taryhy ýadygärlikler, muzeýler we medeni ojaklar bilen tanyşdylar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişinden söz açýan, muzeýiň baý goruna girýän dürli gymmatlyklar esasanda halyçylaryň, keşdeçileriň, zergärleriň, demirçi we agaç ussalarynyň, küýzegärleriň, suratkeşleriň sünnäläp döreden ajaýyp işleri bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Muzeýe guralan bu gezelenç ýaşlarymyzda uly täsir galdyryp, olaryň şöhratly taryhymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrdy.

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

02 Sentýabr 2025 | 26 okalan

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

01 Sentýabr 2025 | 70 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 34 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR