Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde agzalýan taryhy şahsyýetleriň her biriniň türkmen watanperwerliginiň kemala gelmegindäki orny inkär edilmesizdir. Nesilbaşymyz Oguz hanyň, oguz-türkmen agzybirliginiň waspçysy Gorkut Atanyň, Görogly begiň hem-de onuň ussady Jygalybegiň we beýleki Watanyny beýgeldip, beýgelen gerçekleriň ençemesiniň mertebesi dabaralandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz öz eserlerinde türkmeniň kämil gerçekleriniň arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi keşbine hem aýratyn ähmiýetli orun beripdir. Söz ussadynyň taryhy terbiýeçilik mekdebi hökmündäki ornuna ýokary baha berýän Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde Magtymguly Pyragynyň:
«Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Munda durmuş dönüp, duşmana gelgeý
– diýen setirlerini getirmek bilen örän jaýdar subut edýär.
«Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär. Biziň milli goşunymyzda şu egsilmez gaýrat bardyr» (Mertler Watany beýgeldýär, 277-nji sahypa).
Mert ýigitleriň merdanalyk häsiýeti, ýüňi ýeten goç ýigitleriň gaýduwsyzlygy, ýow gününde ýoldaş boljak ynsan kimin duýgur gamyşgulak bedew atlar bilen aýrylmaz dost bolmagy dabaralandyrýan goşgulary goç ýigitleriň gursagynda gaýnap-gaýnap, ýeňip bolmaýan güýji kemala getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çeper eserlerinde, has takygy «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlarynda hem akyldar şahyrymyzyň mertebesine aýratyn ähmiýetli orunlar bagyşlanypdyr. Käbir anyk mysallara ýüzleneliň:
«Döwlet guşy» romany hem «Älem içre at gezer» romanynyň özboluşly dowamydyr. Bu eseriň baş gahrymany bolup, çagalygyny ýowuz urşa ogurladan on bir ýaşly çaga öňe çykýar. Ol çaga Gahryman Arkadagymyzyň kakasy – Mälikguly aga. Akyldar şahyryň «Ýeldim tut» goşgusy bu romanyň özeni.
Berdimuhamet Annaýewiň özi üçin toplan «akyl sandygynda» türkmen halkynyň ruhy mertebesini dabaralandyraýjak resmi maglumatlar bilen birlikde «Görogly» eposy, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň we beýleki şahyrlaryň goşgulary bar. Eserde kalbynda kynçylyklaryň agramyny duýan on bir ýaşly oglanjyk Magtymgulynyň goşgularyna daýanýar. Hatda, Berkeli aga ýaly köpügören ýaşulularam sähel ejizlejek bolsa: «Mälikguly, hany Magtymgulydan «Ýeldim tuty» aýdyp ber» diýýän ekenler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Köňül gözgüsi», «Türkmen medeniýeti», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly ençeme eserlerinde akyldar şahyrymyzyň mertebesi mynasyp derejede ýaýbaňlandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusynyň ady bolsa 2024-nji ýylyň şygaryna öwrüldi. Çünki beýik şahsyň beýik şahyr hakynda beýik sözlerinde çäksiz ýakym bar.
Öz iliň, öz halkyň, öz ýurduň hakyndaky aladalary gerdenine almagy başaran şahsyýetleriň mertebesi hemişe-de ykraryýetini gazanmagy başarýar. Biz bu pikirimizi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy babatynda hem, Gahryman Arkadagymyz babatynda hem buýsanç bilen aýdyp bileris.
Arslan TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy.