«ÝAŞ ROBOTOTEHNIKAÇY» ATLY BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigi geçirildi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşige ýüzden gowrak ýaş hünärmenler özleriniň taslama işleri we robotlary bilen gatnaşdy. Gyzykly geçen bäsleşikde “Akylly öý” taslama-döredijilik ugry boýunça:

I orna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Annaberdiýew;

II orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Döwlet Saparow;

III orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Serdar Öwelekow mynasyp bolup gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

     Bäsleşigiň robototehnika ugry boýunça:

I orna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Çaryýew;

II orna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Emirhan Gylyçmuhammedow;

III orna Lebap welayatynyn Halaç etraby 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozmyrat Ýagşymyradow mynasyp bolup gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

     Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar we minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.