Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýaş mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sergide görkezilen ylmy işlerdir taslamalaryň aglabasynyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna degişlidir.
Bu ýerdäki görkezilen ylmy taslamalar biri-birinden üýtgeşik. Olaryň arasyndan institutyň ýaş alymlar geňeşiniň agzasy, mugallym Şirmuhammet Wepaýewiň täze telefon taslamasyna ýokary baha berildi. Şirmuhammet «AVR» arhitekturaly 8 bit mikrokontroller arkaly öýjükli telefonyň taslamasynyň üstünde işleýän eken. Öýjükli telefonyň ilkinji görnüşine 2,8 dýuýmly TFT ekran bilen micro-USB, 2G ulgamlarynda işlemek üçin GSM modul we 1000 mAs akkumulýator oturdylypdyr. Ol bu taslamany ilkinji gezek işleýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, institutyň 1-nji ýyl talyby Seýitmyrat Orazmyradow awtomatlaşdyrylan suw gaýnadyjy enjamyň taslamasyny döredipdir. Onuň işiniň aýratynlygy, ulanyjynyň öz smartfonynyň kömegi bilen suw gaýnadyjy çäýnegi dolandyryp bilmegidir.
Sergide başga-da kiçi ýaşly çagalara harp öwrediji robot, telewizory daş aralykdan dolandyrmak üçin programma, welosiped üçin tizligi ölçeýji enjam, hassahana dolandyryş ulgamy, hyýaly hakykat (VR), awtomatlaşdyrylan inkubatorlar görkezildi. Şeýle-de bu ýerdäki birnäçe robot köpçüligiň ünsüni çekdi.