TÜRKMENISTANDA SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLEŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýagaraýyşly, täze döwrebap innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Obadyr şäherlerde beýleki durmuş goldawly desgalar bilen bir hatarda häzirki döwrüň talaplaryna gabat gelýän bilim edaralarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bilim edaralarynyň arasynda ýeke-täk bilim torunyň döredilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga, uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi we 2025-2026-njy okuw ýylynda talyplary okuwa kabul edilip başlanjakdygyny nygtap geçdi. Ynha bu hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar barada edilýän aladalardan bir nyşandyr. Öz hünärine mynasyp ýaşlary taýýarlamakda halkara derejelerine çykarmakda hem bu ýokary okuw jaýynyň ähmiýeti uludyr.

Ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, dünýä derejelere çykmagyna giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Millli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar