Tebigat — bu adamzadyň kadaly ýaşamagy üçin Beýik Biribaryň peşgeş beren nygmatydyr. Tebigaty emele getirýän ähli barlyklar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykda, sazlaşykly hereket edýärler. Zemin göýä ulag bolsa, şol ulagyň hereketlendirijisi tebigatdyr. Hereketlendirijiniň düzüminde bolsa özara sazlaşykly işleýän birnäçe jisimler bar. Edil tebigatyň düzüminde hem biri-biri bilen sazlaşykly bolan tebigy obýektler bar. Adamlar, haýwanlar, ösümlikler, mikroorganizmler, daglar, derýalar, deňizler, howa, Güneş şöhlesi we beýlekiler. Bularyň biri-birine edýän täsiri zemin ulagynyň herekete gelmegi, ýaşaýşyň yzygiderli dowam etmegi üçin zerurdyr. Meselem, adama howa gerek, howanyň arassalygy üçin agaçlar gerek, agaçlaryň ösmegi, ulalmagy üçin toprak gerek, suw gerek. Şu getiren ýönekeý mysalymyzda görüşimiz ýaly tebigatyň her bir agzasy biri-birine baglydyr.
Bularyň ählisi adamzada berlen uly peşgeşdir. Biziň iýmetlenmegimiz, dynç almagymyz, zähmetimiziň miwesini görmegimiz üçin tebigatda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bularyň hiç biri esassyz ýa-da sebäpsiz ýaradylan däldir.
Meselem daglar, bular zeminiň örki hasaplanylýar. Akyldar-şahyr Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly: “Daglar ýeriň myhydyr”. “Myh” bolanda häzirki wagtdaky ulanyşda bolan “çüý” sözüniň aňlatmasydyr. Zeminiň sarsmazlygy, ýer yranmalarynyň dowamly bolmazlygy üçin göýä ýere çüýlenen ýaly daglar, adamzat üçin uly sowgatdyr. Allatagala hiç bir zady bisebäp ýaratmaýar. Her bir zada dykgat bilen oýlanyşykly seretseň gudrat görmek bolýar. Topraga atylan bir kiçijik däne tohum bölejigi, ýaşyl öwüsýän miwe berýän bir ekine öwrülýär. Hut şunuň üçin hem topraga “Ene toprak” diýilýär. Ene çagany dünýä indirip, ak süýdini berip kemala getirýär. Toprak hem şonuň ýaly döredýär, öndürýär, ösdürýär adamzadyň iýmitlenmegi üçin önümleri eçilýär.
Tebigatyň obýektlerini biri-birinden aýyrmak, baglanyşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Meselem suw bolmasa, ne ösümlik ösüp biler, ne haýwanlar, ne-de adamlar ýaşap biler. Gün şöhlesi bolmasa, toprak we adam organizmi özüne gerekli ýylylygy, peýdaly mineral şöhleleri alyp bilmezdi.
Tebigy barlyklar çig mal hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Meselem adama gerek bolan zatlaryň biri öý. Şol öýi sen isle kerpiçden, isle agaçdan gursaňam tebigata garaşlysyň. Kerpiç ýasamak üçin toprak we suw gerek bolýar, bu hem tebigatyň önümi. Eger-de agaçdan ýasamakçy bolsaň, onda ýene tebigata ýönelmeli bolýaň.
Adam ogluna baýlyk agtarmak üçin dünýä syýahata çykmaga, altyn, kümüş, ýygnamaga gerek ýok. Nirede duran bolsa, şol duran ýerinden daş töwerege seretse bolýar. Düşünen adam üçin ähli zat ynsan üçin ýaradylan, egsilmez baýlyk. On iki süňňi abat bolan bu dünýädäki adamlaryň ählisi baý. Çünki tebigatyň berenini sen altyn bilen, göwher bilen satyn alyp bilmeýäň. Wiý ýogsa-da olaram tebigat berýär.
Öwezberdi GOÇOW,
Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň institutynyň mugallymy.












