GELJEGIMIZIŇ ALTYN MIWELERI

Ýaşlar – ynsan ýaşaýşynyň dowamaty, olar biziň kuwwatly döwletimiz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, Watanymyzyň ösüşini has-da belende galdyrjak Berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleri. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna hem-de iň arzyly arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy, döwletimiziň uly baýlygydyr hem-de jemgyýetiň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Häzirki wagtda ýaş nesil hakyndaky alada ilkinji nobatda üns berilýän wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistan ýaş nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşine, bilimiň we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle hem ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereket edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda tomus paslynyň ilkinji güninde, ýagny her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny goramak, olaryň zehinlerini ýüze çykarmak, ylym-bilim, sport we döredijilik ugurlarynda üstünlik gazanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerde ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzdan asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýurdumyzyň her bir ýaş raýatyna öz ukybyny we zehinini doly açmaga, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga giň ýol açýar. Ýaşlaryň innowasion pikirlenmesi, sanly tehnologiýalardan baş çykaryp we döredijilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi döwletimiziň ösüş strategiýasynyň möhüm ugruna öwrülendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar geljegimiziň eýeleri we häzirki döwrümiziň gymmatly hazynasydyr. Olar ýurdumyzyň ähli ugurlarynda – ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde, sportda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaş alymlar, hünärmenler, talyplar, döredijilik işgärleri öz zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ruhubelent, watansöýüji, döredijilikli, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýärler. Olar ata Watanymyzyň parahatlygyny, ösüşini we beýik maksatlaryny goramakda, durnukly geljege tarap ädim ätmekde möhüm orny eýeleýärler.

Ýaşlar – geljegimiziň altyn miweleri, ýagny Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratly geljeginiň berk diregidir. Olaryň başarjaňlygy, giň gözýetimi we Watana bolan söýgüsi ýurdumyzy has-da gülläp ösýän, bagtyýar döwlete öwürýär. Goý, ýaş nesilimiziň okamagy, öwrenmegi, kämil terbiýeli bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Resuldurdy BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

institutynyň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 31 okalan

TEBIGAT — TAÝSYZ NYGMAT (Oýlanma)

30 Oktýabr 2025 | 24 okalan

GELJEGIMIZIŇ ALTYN MIWELERI

29 Oktýabr 2025 | 103 okalan

TÜRKMEN MANADY — MILLI BUÝSANJYMYZDYR