TÜRKMEN MANADY — MILLI BUÝSANJYMYZDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň milli pul birligi – manat dolanyşyga girizildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda milli pul birligimiz bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 32 ýyl dolýar. Her bir ýurduň durnukly ösmeginde milli bank ulgamynyň kämil bolmagy, milli pul birliginiň hümmetiniň ýokary bolmagy zerur bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşmagy bilen türkmen manady elektron görnüşinde hem giňden ulanylýar. Raýatlarymyzyň “Altyn Asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty” ýaly bank kartlaryndan peýdalanmagy hem sanly ykdysadyýetiň ösmegine, pul dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna öz goşandyny goşýar. Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen deň hatarda maýa goýum, bank ulgamynyň hem kanunçylyk hukuk binýady kämilleşdirilýär, ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary arkaly geçirilmek mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine getirýär.

Milli ykdysadyýetimizi netijeli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 31 okalan

TÜRKMEN MANADY — MILLI BUÝSANJYMYZDYR

29 Oktýabr 2025 | 29 okalan

TELEKEÇILIK PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR