Ýaş alym barada maglumat:
Baýmyrat Annabaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Ylmy işiniň ady: «Türkmen aýdym-saz sungaty Ýewropa taryhnamasynda».
Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspirant Parahat Durdygylyjow.
Işiň üstünligi: Ýaşlaryň arasyndaky ylmy işleriň bäsleşiginde birinji orun (2020-nji ýyl).
Türkmenistanly talyp milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropada XIX asyryň başlarynda hem içgin öwrenilendigini öňe sürýär.
Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenilýändiginden siziň hem habaryňyz bardyr. Bütindünýä guramasynyň, aslynda, bütin dünýäniň hem ünsüni çekmäge mynasyp türkmen aýdym-saz sungaty hemmeleri özüne melul edýär. Eger Magtymguly Pyragynyň kitaby üçin guba düýe berlen bolsa, türkmen bagşylaryny telim aýlap müňlerçe kilometr ýoly geçip hem gelip diňlär ekenler. Şol sanda Ýewropadan hem. Ine, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Baýmyrat Annabaýew hem öz ylmy işini türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropadaky syýahatyna bagyşlady. Näme üçin, aýratyn, aýdym-saz sungaty? Näme üçin, ala-böle, onuň Ýewropadaky taryhnamasy?
100 ýyl aňry
– Taryhnama diýlen bir ylym bar. Kimler onuň taryhyň bir şahasy, kimler hem aýratyn ylym hasaplaýar. Taryhnama – taryhyň öwrenilişini öwrenmekdir. Başgaça aýtsak, kimdir biri ýa-da birtopar adam taryhdan haýsy-da bolsa bir maglumaty çintgäp öwrenýär, soňky nesiller bolsa şol maglumatyň alymlardyr başgalar tarapyndan öwrenilişini öwrenýär. Taryhnama ylmyna goşant goşmak meselesinde halypa mugallymlarymyz bilen maslahatlaşyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropada öwrenilişini öwrenmegiň iň dogry ýol boljakdygy barada karara geldik – diýip, Baýmyrat işe başlaýşy barada gürrüň berýär.
Ýaş alymyň nygtaýşy ýaly, türkmen sazynyň taryhnamasy hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Uspenskiý bilen Belýaýewiň bilelikde ýazan “Türkmen sazy” (1928) atly kitaby göz öňüne gelýär. Olaryň ady türkmen sazyny öwrenen daşary ýurtly alymlaryň sanawynda uzak wagtlap ilkinjileriň hatarynda durupdyr. Emma taryh ylmynda alnyp barlan soňky gözlegler türkmenleriň saz sungatyny ylmy esasda öwrenmäge edilen synanyşyklaryň olardan 100 ýyl töweregi öň başlanandygyny görkezdi. Has takygy, Ýewropada türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenmek XIX asyryň 30-njy ýyllarynda başlanýar.
Halypalaryň yzy bilen
Ýaş alymyň bu işe höweslenmeginiň iki sebäbi bar. Olaryň birinjisi taryhnama dersinden okadan we okadýan mugallymlarynyň goldawy. Ikinjisi bolsa akademik Myratgeldi Söýegow, professor Öwez Gündogdyýew ýaly alymlaryň ozal bu barada eden işleri. Diýmek, türkmen medeniýeti, şol sanda aýdym-saz sungaty geçmişde Ýewropa halklaryny biparh goýmandyr. Akademik Myratgeldi Söýegow I Jahan urşy ýyllarynda Robert Lah atly bir alymyň Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem aýdym-saz sungatyny öwrenip, ony Ýewropa ýetirendigini aýdýar. Öwez Gündogdyýewiň «Türkmenistan ýewropaly awtorlaryň gözünde» atly işinde-de birnäçe gözlegler geçirilipdir. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden şu ýyl uçurym boljak ýaş alymyň irginsiz gözlegleri bilen milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropadaky şöhratyny XIX asyryň başlaryna çenli ýetirmek başartdy. Megerem, taryhnama ylmynyň Türkmenistandaky gadamlarynda ilkinji gezek şeýle netije gazanyldy.
«Gündogar bagşysyn diňle, Günbatar!»
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bu setiri geçen asyryň ikinji ýarymynda ýazan hem bolsa, Günbatar türkmen bagşysyny has öňräkden bäri diňläp, onuň owazyna maýyl bolup ýören eken. Türkmen topragyna ýoly düşen ýewropaly syýahatçy W.N.Gartweld «Ýewropaly hiç bir bagşynyň türkmenleriň aýdym aýdyş äheňindäki aýdymlary ýerine ýetirip bilmejekdigini ynam bilen aýdyp bilerin» diýip ýazyp gidipdir. Günbataryň türkmen sungatyna muşdaklygynyň bir sebäbi hem şu bolsa gerek.
Milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropadaky gadamlary XIX asyryň ikinji, üçünji onýyllygyna çenli uzaýar diýdik. Ýaş alymdan muny käbir mysallar bilen delillendirmegi haýyş etdim:
– Mysallary kän. XIX asyrda ýaşap geçen gündogarşynas Aleksandr Hodzko 1830 – 1841-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýanyň köp şäherlerine aýlanyp, gymmatly maglumatlary toplaýar. 1842-nji ýylda «Persiýalylaryň belli şahyrlaryndan nusgalar» diýen at bilen çap etdiren kitabynda «Görogly» şadessanyndan aýdylýan aýdymlaryň käbiriniň notasy hem getirilýär.
1832 – 1834-nji ýyllarda rus harby serkerdesi, kompozitor A.Alýabýew hem Stawropol ülkesindäki türkmenleriň arasynda bolup, aýdym-saz sungaty bilen baglanyşykly birnäçe gymmatly maglumatlary jemleýär. Onuň öwrenip, nota geçirip, Ýewropa ýetiren «Nar agajy» sazy soňra rus kompozitorçylyk sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri hasaplanýan M.I.Gilinkanyň döredijiligine degişli bolan «Ruslan we Lýudmila» operasynda gabat gelýär.
1872-nji ýylda Afinada neşir edilen «Mejmua-i Makamat» (Saz antalogiýasy) atly kitapda aýdymlaryň we ýerine ýetiren bagşynyň ady, görnüşi we aýdylyş usuly görkezilen jedwel ýerleşdirilipdir. XIX asyrda Ýewropada türkmen halkynyň aýdymlaryna degişli şeýle ylmy kitabyň ýazylmagy gadymy türkmen sungatynyň alys ýurtlarda hem uly gyzyklanma döredendiginiň subutnamasydyr. Şol gadymy medeniýeti täzeçe öwrenmek we ylmy dolanyşyga girizmek taryhçylaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir.
Russiýaly kompozitor Sergeý Gawrilowiç Rybakow 1899-njy ýylda Zakaspi oblastyna türkmenleriň durmuşyny, etnografiýasyny, dilini, saz sungatyny öwrenmäge gelipdir. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, alym Rybakow syýahat eden wagty türki halklaryň aýdymlarynyň 90-dan gowragyny ýazga geçiripdir. Ol türkmen aýdym-saz sungatyna beýik sarpa goýup, ony öwrenmekde uly iş bitiren alymlaryň biri bolup durýar – diýip, ýaş alym gürrüň berýär.
Ýokarda ýewropaly kompozitor Robert Lahyň 1914 – 1918-nji ýyllarda bolup geçen I Jahan urşuna gatnaşan Gündogar halklarynyň aýdym-saz sungatyny öwrenmek bilen meşgullanandygyny ýazypdyk. Özüniň eserlerinde tatar, çerkes, nogaý, gyrgyz halklary bilen birlikde, türkmen aýdymlary hakynda hem gymmatly maglumatlary galdyrypdyr.
Maksada gönügen ýol
Şeýlelikde, ýaş alym ýewropaly alymlaryň ýazan işlerini, olaryň golýazma eserlerini, alymlar tarapyndan ençeme onýyllyklaryň dowamynda toplanylan baý hem-de gymmatly maglumatlary giňişleýin öwrenip, halypalarynyň ýardamy bilen olary düýpli derňemäge synanyşyk etdi. Gözlegler we derňewler ylmy esasda seljerilip, täze garaýyşlarda ylmy netijeleri çykarmak göz öňünde tutuldy. Bu işi alyp barmakda oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Parahat Durdygylyjow ýolbaşçylyk etdi.
Alymlar türkmen aýdym-saz sungaty bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhyny hem Ýewropa ýetirdiler. Çünki islendik sungat degişli halkynyň taryhy ykbaly bilen baglydyr. Bu ylmy işde ýewropaly, şeýle-de aziýaly alymlaryň ýazan işleri, arhiw maglumatlary düýpli öwrenilip, ylmy-barlag seljermeleri geçirildi. Olarda deňeşdirme geçirilip, täze açyşlaryň üstünden baryldy.
Işiň täzeçilligi
Ylmy iş mekdep düzmesi däl. Irginsiz gözlegleri geçirmeli, tapan maglumatlaryňy içgin öwrenmeli, derňemeli. Il arasynda aýdylyşy ýaly, «iňňe bilen guýy gazandan ýeňil däl». Talyp ýigit Baýmyrat Annabaýew hem türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropadaky taryhnamasynyň yzyna düşüp, kitaphanalarda ençeme kitabyň, gazetleriň sahypalaryny agdardy, muzeýlerdäki gymmatlyklar bilen gyzyklandy. Syýahatçylaryň, şahyrlaryň, taryhçylaryň ýazgylaryny terjime etdi. Ýöne özüne bir çekensoň, ylym juda gyzykly zat. Her täze maglumat, her netijeli gözleg kalbyňa ganat bekleýär, höwesiňi artdyrýar. Belki, birnäçe aý, belki, birnäçe ýyl işlenilýändir. Ýöne ylmyň gyzykly dünýäsine siňeňsoň, wagtyň nähili geçendigini hem duýman galarsyň.
Işiň iň täsirli ýeri hem onuň täzeçilligidir. Bu täzeçillik türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropa taryhnamasynyň has irki ýyllara uzaýanlygydyr. Ýöne XIX asyryň 20-30-njy ýyllaryny bu taryhnamanyň gözbaşy diýip bolmaz. Onuň has aňyrdan gaýdýan bolmagy hem mümkin. Şonuň üçin hem ýaş alym bu işe degişli gözlegleri ýene-de dowam etdirmek isleýär.
Makalalar we teklipler
Baýmyrat bu işiň dowamynda metbugat sahypalarynda köp sanly makalalar bilen hem çykyş etdi. Olaryň başy «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly elektron žurnalda çap edilen «Robert Lah – türkmen saz sungatyny öwreniji» atly makaladan başlanýar. Soňra ýaş alym «Aleksandr Hodzko we türkmen aýdymlary» («Medeniýet» žurnaly, 2019 ý.), «Gartweldiň syýahatlaryndan» («Diýar» žurnaly, 2019 ý.), «Türkmen aýdymlary Robert Lahyň işinde» («Edebiýat we sungat» gazeti, 2019 ý.), «Türkmen sazyna sarpa» («Aşgabat» gazeti, 2019 ý.), «Türkmen sazynyň öwrenilişiniň taryhyndan» («Mugallymlar gazeti» gazeti, 2020 ý.), «Syýahatçylaryň ýazgylaryndan», «Milli aýdym-saz sungatymyzyň öwreniliş taryhyndan» («Watan» gazeti, 2020 ý.) ýaly makalalar bilen metbugat sahypalarynda çykyş etdi.
Ylmy işiň özünde bolsa türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropa taryhnamasyny giňişleýin öwrenmek bilen baglanyşykly halkara maslahatlary guramak we Ýewropa arhiwlerinde saklanyp galan türki halklaryň aýdymlaryny, sazlaryny toplap, olary täzeden ulanylyşa girizmeklik hem-de bu ugurda düýpli ylmy işleri geçirmek teklip edilýär.
Türkmen ýaşlarynyň şeýle düýpli işler bilen meşgullanmagy guwanarly ýagdaýdyr. Nesip bolsa, gözbaşyny talyplyk ýyllaryndan alýan gözlegleriň gerimi has-da giňär. Çünki bu gözlegler milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä gymmatlygy hökmünde ykrar edilmäge mynasypdygyny tassyklaýar.
Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.