Halkymyz ýurdy uly maşgala, maşgalany bolsa kiçi döwlete deňeýär. Bir umumy maksada barýan ýolda bitewileşip, bir göwrä öwrülmek sagdyn maşgala, sagdyn döwlet diýmekdir. «Maşgala bir kiçijik döwletdir, döwlet bolsa uly bir maşgaladyr». Maşgala jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Çünki maşgala ýaş nesle edep-terbiýe berip, ruhy-ahlak gymmatlyklary siňdirip, durmuşa ugrukdyryp, jemgyýete taýýarlaýar. Jemgyýet bolsa, öz ilatynyň diňe saklanyp galmagyny däl, ruhy dowamatynyň dowam bolmagyny, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ýaşaýan jemgyýetini ösdürmäge ukyply bolmagyny isleýär. Şonuň üçin bolsa gerek, adamzat jemgyýeti hemişe ösüşde bolýar.
Halkymyzda sünnälenip gelinýän «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen pähim-ýörelgäni maşgala daragty bilen baglanyşdyrmak isleýärin. Çünki biziň aramyzda nesilden-nesle geçip gelýän ýol-ýörelgeler bar. Şol ýörelgeleriň arasynda “maşgala daragty” aýratyn orunda durýar. Çagalygymyzdan gulagamyzyň ganan “nesil daragty”, “ömür daragty” ýaly pelsepewi düşünjeler ynsanyň ykbaly, dowamaty bilen baglanyşyklydyr. Şol mukaddes daragtyň iň uly şahasy öý-ojakdyr. Haçanda öý-ojagyň jebisligi, agzybirligi, döwletliligi berk bolsa, onda şol daragtyň kökleriniň hem berkdigini aýdyň alamatlandyrýar. «Agaç miwesinden belli» diýilýär. Şeýle daragtyň miweleri bolsa maşgalada gurlan bagtly, döwletli durmuşdyr. Bagtyýar durmuşyň binýadynyň öz gözbaşyny agzybir maşgaladan alyp gaýdýandygy welin hakykat.
Roza KARRIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.