EKOLOGIÝA SYÝASATYNDA SYÝAHATÇYLYGYŇ ORNY

Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen ekologiýa syýasaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak, ülkämiziň tebigy täsinliklerini bütin dünýäde wagyz etmek bilen umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä halklaryna Türkmenistanyň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär. Täsin tebigaty, bereketli jülgelerde saklanyp galan tebigy baýlyklarymyz — baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, ajaýyp tebigy künjekler hem-de geň-enaýy ýadygärlikler Diýarymyzyň ýakyn geljekde halkara syýahatçylygyň iri merkezleriniň birine öwrüljekdigine güwä geçýär. Hut şu maksat bilen, gözelliklere beslenen tebigy künjeklerimiz, Köýtendagyň ajaýyp ýerleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, buýsanjymyz bolan Aşgabat şäheri we Diýarymyzyň beýleki şäherleri, oba-kentleri, awtoýollar, syýahatçylyk üçin niýetlenen ulaglar, iýmit kärhanalary, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan, myhmansöýer, ýöriteleşdirilen elektron habar beriş merkezleri bolan syýahatçylyk toplumyna öwrülýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan syýahatçylygyň dürdäne mesgenidir.

Taryha nazar aýlasak, Türkmenistanyň çäklerinde Garagumyň giň meýdanlarynda ekerançylygy alyp barmaga, dürli önümleri öndürip, goňşy halklar bilen söwdany ösdürmäge uly mümkinçilikler bolupdyr. Gum içinde şäherler döräp, olaryň arasynda kerwenler gatnapdyr. Demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara, Merwe, Dehistana, Horezme we Nusaýa, şeýle-de, Eýrana, Owganystana we beýleki ýerlere geçýän ýollaryň ugrunda Garagumyň gözel künjekleriniň birinde görnükli orun tutan, şol döwürde döräp, gülläp ösen şäherleriň  we galalaryň birnäçesi bolupdyr.

Halkymyzyň  göz guwanjy, humly hazynasy bolan Garagum çöli aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän meýdan bolup, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Garagum sährasynyň gadymy taryhy syrlary we täsin tebigaty medeni-öwrenijilik we ylmy syýahatçylygy ösdürmegiň deňi-taýy bolmadyk gymmatly çeşmesine öwürmek bilen, syýahatçylyk üçin amatly künjegiň bardygyny aýdyň subut edýär.

Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TUT AGAJY

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TEBIGATYŇ TÄSIN MEŇZETMELERI