TEBIGATYŇ TÄSIN MEŇZETMELERI

Adamlaryň gylyk-häsiýetleri hakynda söz açanymyzda, haýwanat dünýäsi bilen berk arabaglanyşygy görkezýän mysallar has täsin. «Goýun ýaly parahat», «Towşan ýaly mylaýym», «Durna ýaly duýgur», «Laçyn kimin algyr», «Garynja dek işeňňir», «Bedew ýaly ýüwrük, çalasyn», «Şir kimin ýürekli» ýaly meňzetmelere häli-şindi gabat gelýäris.

Ösümlik dünýäsi bilen arabaglanyşygyny seljermek welin has-da özüne çekiji. Leýlisaçlar «söýgi agajy» hökmünde öňe sürülýär we edebiýatymyzyň köp sanly dürdäne eserlerinde ýaş juwanlaryň onuň kölegesinde birek-birege ýürek arzuwlaryny beýan edendigi agzalyp geçilýär. Bägül hem söýgiň mysalynda öňe çykýan gül hasaplanýar. Köp söýgi aňlatmalary bägüle meňzedilýär. «Bägül kimin owadan» diýlip, gözel gyzlarymyz ezizlenýär.

Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň mynasyp wekilleriniň atlaryndan ugur alnyp, halkymyz çagalaryna hem ajaýyp atlary dakypdyr. Arslan, Gaplaň, Möjek, Şirhan, Sülgün, Bägül, Gunça, Maýsa, Jeren, Gülälek ýaly atlar halkymyzyň kalbynyň tebigat bilen baglanýandygyny aýdyň subut edýän delillerdir.

Taýýarlan: Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TUT AGAJY

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TEBIGATYŇ TÄSIN MEŇZETMELERI