MILLI MANADYMYZ — YKDYSADY GÜÝJÜMIZ

Her bir döwletiň öz garaşsyzlygyny berkidýän, milli aýratynlygyny görkezýän esasy alamatlarynyň biri hökmünde milli pul birligi bolýar. Ýurdumyzyň öz Garaşsyzlygyny gazanandan soň, ykdysady taýdan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy üçin, öz milli puluny — manadyny döretmek möhüm we taryhy ähmiýetli ädim boldy.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry ýurdumyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar. Hut şol gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli puly — manat dolanyşyga girizildi. Şondan bäri her ýylyň 1-nji noýabrynda bu möhüm sene uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Milli manadymyz ýurdumyzda ykdysady taýdan garaşsyzlygyň, döwlet bähbitleriniň we milli ykdysady ösüşiň nyşanyna öwrüldi.

Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda düýpli özgertmeler başlandy. Döwletimiziň öz ykdysady syýasatyny ýöretmekde, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde we içerki ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşleriň täze tapgyrynyň başlanmagyna itergi berdi.

Manat biziň döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygynyň, berkararlygynyň kepilidir. Milli manadymyz arkaly ýurdumyz maliýe ulgamynyň işjeňligini, bank ulgamynyň döwrebaplaşmagyny, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini we halkara maliýe hyzmatdaşlygynyň giňelmegini üpjün edýär. Milli manadymyz ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň ähli ugurlarynda ösüşiň we durnuklylygyň binýadydyr.

Halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara derejesindäki abraýynyň belende galmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys!

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 62 okalan

MILLI MANADYMYZ — YKDYSADY GÜÝJÜMIZ

30 Oktýabr 2025 | 96 okalan

TEBIGAT — TAÝSYZ NYGMAT (Oýlanma)