TUT AGAJY

Tut ýüzlerçe ýyl ýaşap bilýän naýbaşy agaç bolup, ol ýüpek gurçugyna iýmit bolup hyzmat edipdir. Goýry saýasy ynsana kölege bolsa, onuň datly miweleri jana  melhemdir. Tut hakynda halkymyzda «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň», «Bir ýyl tut eken ýüz ýyl göwher tirer» ýaly nakyllar döräpdir.

Howluda tut ýetişdirmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Adatça täze mellegiň gazygy kakylandan, obanyň ýaşululary çagyrylyp, tuduň ýaş nahaly ekilýär. Esasan-da, şeýle däp Lebap welaýatynda saklanyp galypdyr. Sebitiň ýaşaýjylary şeýle tuda “peýwendi”, ýagny “sapylan tut” diýip at beripdirler.

Tuduň esasy gadymy iki görnüşi bar. Birinjisi ýerli tut. Onuň ýapraklary ýarym tegelek görnüşli, miwesi gara ýa-da garamtyl-melewşe bolýar. Ikinjisiniň ýapragynyň ujy çowly, ýüregiň şeklinde inçelip gidýär, miwesi bolsa, ak bolýar.

Taýýarlan: Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TUT AGAJY

02 Iýul 2025 | 2 okalan

TEBIGATYŇ TÄSIN MEŇZETMELERI