Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleri daşary ýurtlarda saparlarda bolup, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar.
Şeýle forumlaryň biri 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny 1-nji iýuly aralygynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde geçirilen “Marrakeş – yslam dünýäsiniň ýaşlar paýtagty 2025” atly halkara forumydyr. Oňa Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begenç Halnepesow gatnaşdy. Forum Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen bir hatarda 60-a golaý ýurduň ýaşlaryny bir meýdança jemledi.
Forumyň açylyş dabarasynda Marokko Patyşalygynyň Ýaşlar, Medeniýet we Aragatnaşyk ministri Muhammet Mehdi Bensaid çykyş etdi. Soňra Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ýaşlar forumynyň (ICYF) prezidenti Taha Aýhanyň we Baş direktor Rasul Omarowyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Ýaşlar paýtagty derejesiniň Marrakeş şäherine berilmeginiň medeni ähmiýeti, ýaşlaryň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy, inklýuziwligi üpjün etmekdäki orny barada aýdyldy.
Halkara çäräniň dowamynda Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, Tatarystanyň wekilleri we Yslam hyzmatdaşlygy ýaşlar forumynyň (ICYF) ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Şeýle halkara forumlaryna türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýaşlaryň halkara syýasata düşünmegi, Watana wepaly kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.