DÜÝELER ÜÇIN HASSAHANA

Düýe dünýäniň täsin «çöl gämisidir». Bu täsin jandarlar alyslara uzaýan çölleriň bezegidir. Şeýle hem, düýeler keramatlygyň nusgasy hasaplanýar. Bu täsin jandarlary goramak üçin dünýäniň giň sähralyklaryny, çölleri goýnunda saklaýan döwletler netijeli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle döwletleriň biri-de, Birleşen Arap Emirlikleridir. Emirligiň iň gözel şäherleriniň biri bolan Dubaý şäherinde düýeler üçin ýörite hassahananyň bardygyny eşidipmidiňiz? Bu hassahana bir wagtyň özünde 20-den gowrak “çöl gämisine” hyzmat edip bilýär.

Hassahanada ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen operasiýa otaglary, keselleri anyklaýyş we bejeriş otaglary bar. Şonuň ýaly-da, keseli anyklamaga mümkinçilik berýän şöhle otagy hem bar. Ýeri gelende bellesek, hassahanada Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Ispaniýadan we Meksikadan gelen öz käriniň ussady bolan lukmanlar işleýär.

Şeýle hem, hassahananyň çäklerinde düýeler üçin ylgaw ýodasy hem göz öňünde tutulan. Bu hassahana turuwbaşdan häzirkizaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, ýokary derejeli hyzmatlary öz içine alýan weterinar gullugydyr. Bu ýerde diňe bir bejergi işleri däl, eýsem ylmy-barlag işleri hem alnyp barylýar.

Taýýarlan: Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 20 okalan

MAŞGALA DARAGTY

01 Iýul 2025 | 24 okalan

DÜÝELER ÜÇIN HASSAHANA