MILLI MEDENIÝET – HALKYŇ ÝOL-ÝÖRELGESI, RUHY DÜNÝÄSI

«Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi, milli mirasymyzyň dikeldilmegi ugrunda döwletli başlangyçlary amala aşyrýar.

Dünýäniň ünsüni çekýän Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs, Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý ýaly köpsanly ýadygärliklerimizi öwrenmek, dikeltmek işleri, taryhy şahsyýetlerimiziň, alymlaryň, edebiýat äleminiň ägirtleriniň, medeniýet-sungat ussatlarynyň şahsyýetlerini, bitiren hyzmatlaryny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek babatdaky aladalary döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», atly eseri bolsa, her bir türkmen raýatynyň ýakyn gollanmasyna öwrüldi.

Her ýylda gadymy türkmen topragyny uly toý-dabara besläp gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň ýokary ruhubelentlikde toýlanylmagy, halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny dünýä bagyş eden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýändigini dünýä aýan edýär. Şeýle hem milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde medeni, ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzda häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Medeniýet we sungat işgärleri üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan medeniýet we sungat ussatlary kämil eserleri döredip, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrýarlar.

Biz – medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimiziň halk hossarlary türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, gymmatly mirasyny dünýä ýüzüne tanatmakda yhlasly zähmetimizi gaýgyrmarys. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary, röwşen pikirleri, ajaýyp pelsepeleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, biz bütin adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda çalyşmalydyrys.

Orazguly KAKABAÝEW,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat

Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty

muzeýiniň Mahabatlandyryş, neşir edijilik

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar