“EDEBI PENJIRE” ATLY GEPLEŞIGIŇ NOBATDAKY SANY ÝAZGY EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnaly bilen bilelikde guramagynda taýýarlanyp ýaýlyma berilýän “Edebi penjire” atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Özboluşly äheňi bolan terbiýeçilik ähmiýetli eserleri bilen okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan, “Halallyk kyssalary”, “Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary”, “Gamgyn bolma”, “Durmuş meýdanynyň gerçekleri” ýaly birnäçe ajaýyp neşirleriň terjimeçisi, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow gepleşigiň arzyly myhmany boldy.

Gepleşigiň barşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat, döredijilik işgärleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Mundan başga-da, halypa terjimeçi ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatyny, amala aşyrylýan nusgalyk işleri döredijiligiň, wagyz-nesihatyň üsti bilen dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de gepleşigiň dowamynda döredijilik, edebiýat, durmuş pelsepesi bilen bagly gyzykly sowal-jogap alşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynsanperwer syýasaty dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin, şeýle hem ýaşlaryň döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar