TÜRKMENISTANLY MUGALLYMLAR ÝAPONIÝADA HÜNÄR ÝOKARLANDYRYŞ OKUWLARYNY GEÇDILER

1 – 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Läle Orazgulyýewa we Didar Mämmedow Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşen Nanolukmançylyk innowasion merkezinde (Innovation Center of NanoMedicine — ICONM) hünär ýokarlandyryş maksatnamasyny geçdiler.

Türkmen mugallymlarynyň Ýaponiýa sapary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Kawasaki (Ýaponiýa) Senagat ösüşi institutynyň Nanolukmançylyk innowasion merkeziniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda guraldy.

Okuw saparynyň maksady öňdebaryjy alymlaryň ylmy barlaglary bilen tanyşmakdan, döwrebap bilimleri we ylmy tejribeleri özleşdirmekden, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmakdan, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.

Hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň dowamynda mugallymlar polimer nanokapsullaryň sintezine, öýjükler derejesinde dermanlary ýetirmegiň gurallaryny öwrenmäge, şeýle hem nanobölejikleriň immun ulgamy bilen özara hereketine bagyşlanylan amaly barlaglary geçirdiler.

Bilim maksatnamasyna gatnaşmagy türkmen mugallymlaryna häzirki zaman ylmynda iň täze usullary özleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy çemeleşmeler bilen tanyşmaga hem-de ýapon hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Saparyň ylym-bilim çäreleriniň toplumlaýyn häsiýetdäki maksatnama esasynda bolmagy netijesinde Türkmenistanyň ýaş mugallymlary nanotehnologiýalar, nanolukmançylyk we nanomateriallar ulgamynda işläp taýýarlamalar alnyp barylýan dünýäniň esasy ylmy-barlaglar merkezleriniň biri bolan ICONM-iň binýadynda nanolukmançylyk babatda hünär başarnyklaryny ep-esli derejede çuňlaşdyrdylar. ICONM-iň işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda häzirki zaman nanomateriallaryny işläp taýýarlamak we olary ulanmak arkaly onkologiýa kesellerini bejermegiň netijeli strategiýalaryny döretmek ugurlary bar.

Biziň günlerimizde nanolukmançylyk dünýä ylmynyň has depginli ösýän ugurlarynyň biridir. Bu ulgam molekulýar derejede derman serişdeleriniň netijeliligini artdyrmak üçin, şeýle hem ýokanç we onkologiýa kesellerini bejermegiň has takyk we peýdaly usullaryny işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Nanomateriallaryň biologik taýdan utgaşyklylygy, olaryň niýetlenilen ýerlere barmaga hem-de diňe zelel ýeten öýjüklere täsir etmäge ukyply bolmagy häzirki zaman lukmançylygynda düýpli täze özgerişlikleri döredýär.

Halkara bilim hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi Türkmenistanyň ýaş alymlaryna bilimlerini giňeltmäge we geljegi uly bu ugurda öňdebaryjy tejribe toplamaga mümkinçilik berýär. Türkmen mugallymlarynyň ICONM ýaly abraýly ylmy merkezleriň çäklerinde hünär ýokarlandyryş boýunça ýörite maksatnamalara gatnaşmaklary ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň dünýäniň ylmy giňişligine goşulyşmagyna ýardam edýär.

Şeýle hünär ýokarlandyryş okuwlary ylmy bilimleri we tejribeleri giňeltmäge ýardam bermek bilen birlikde, milli derman serişdeler we lukmançylyk ulgamyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanda nanolukmançylyk we biotehnologiýalar boýunça täze taslamalaryň başyny başlamaga esas döredýär.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar