Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp üstünlikli dowam etdirmeginde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Munuň aýdyň şaýady hökmünde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmenistan döwletimizde türkmen alabaýynyň baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Bu baýramçylyk türkmen halkynyň milli mirasynyň, taryhynyň we ynsan bilen tebigatyň arasyndaky asyrlara uzap gidýän wepaly gatnaşygyň nyşanyny dabaralandyrýar. Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy it tohumlarynyň biridir. Onuň taryhy müňýyllyklara uzalyp, ene topragymyzdan tapylan arheologik tapyndylar we sungat eserleri, bu merdana haýwanyň türkmenleriň durmuşynda eýelän ornuny tassyklaýar. Çarwadarçylyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan alabaý, çopanlaryň elinde sürüleri möjekden we beýleki ýyrtyjylardan gorap, eýesiniň iň ynamdar wepaly syrdaşy, ýanyndan aýrylmaýan dosty bolup hyzmat edipdir. Bu alabaý itleriň häsiýetinde bolan agraslyk, saldamlylyk, sabyrlylyk we uly howp abananda görkezýän gaýduwsyzlygy, türkmen halkynyň merdana häsiýetlerini özünde jemleýär. Türkmen halky alabaýy diňe bir haýwan hökmünde däl, eýsem maşgala agzasy, mukaddes ojaklaryň goraýjysy hasaplaýar.
Türkmen alabaýynyň baýramy bütin ýurt boýunça giň gerimli dabaralara beslenýär. Baýramçylykda «Ýylyň Türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşikde alabaýlaryň daşky keşbine (eksterýerine), beden gurluşyna, çalasynlygyna, eýesine bolan boýun egmelerine we beýleki tohum arassalygyny görkezýän aýratynlyklaryna baha berilýär. Ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uly baýraklar gowşurylýar. Mundan başga-da suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we şahyrlaryň arasynda Alabaýyň keşbini wepalylyk, mertlik ýaly duýgular bilen beýan edýän eserleri döretmek boýunça bäsleşikler, şeýle-de Alabaýyň taryhyna, tohum arassalygyny gorap saklamak we itşynaslygy ösdürmek boýunça ylmy maslahatlar, sergiler guralýar.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.