HALKARA ÇÄRESINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, maksada okgunlylygy, bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygy bilen dünýäde abraý alan döwletleriň biridir. Ýurdumyz sebitde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň çözgütlerini tapmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mähriban Diýarymyz ýokary depginde ösmegi dowam edýär. Döwletimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda täze mümkinçiliklere ýol açmak üçin uly tagallalary edýär. Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň çägi dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan meýdançasyna öwrülýär. Halkara derejesinde duşuşyklar, forumlar, maslahatlar we sergiler yzygiderli geçirilýär. Bu çärelere gyzyklanma bildirip, olara gatnaşmak isleýän döwletleriň sany artýar.

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şeýle çäreleriň biri bolan, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Ýurdumyzda bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär. Maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, ulag-logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan ýagdaýlar bu meseleleriň çözgüdini tapmagyň zerur bolup durýandygyny görkezýär. Hut şonuň üçin hem geçiriljek maslahatyň ähmiýeti uludyr. Bu çäräniň sebitleýin we dünýä derejesindäki meseleleri çözmekde ediljek wajyp ädim boljakdygyna ynanýarys.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňBalkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar