1914-nji ýylyň 28-nji aprelinde, 100 ýyl mundan ozal Amerikada howa sowadyjysynyň tassyknamasy berildi. Şeýle bolsada, ilkinji bolup howany sowatmak we howa akymyny kadalaşdyrmak usulynyň tassyknamasyny fransuz alymy Žann Şabannesiň alandygyny aýtmak gerek. Emma bu pikiri durmuşa geçirmegi inžener Uillis Karriere (häzirki wagtda sowadyjylaryň “Carrier” markasy indi onuň adyny göterýär) başartdy.
Sowadyjy nirede oýlanyp tapyldy? 1902-nji ýylda ABŞ-da inžener we oýlap tapyjy Uillis Karrier ilkinji bolup Nýu-Ýorkdaky çaphanasy üçin senagat sowadyjy maşyny oýlap tapdy we ony düzdi. Gyzykly tarapy, bu enjam howany sowatmak üçin däl-de, çyglylygyň ýokary bolup, çap edilýän kagyzlaryň ýeriniň üýtgeýändigi sebäpli, önümçilik ussahanasyndaky çyglylygy peseltmek üçin ulanyldy.
1915-nji ýylda Karrier we onuň ýoldaşlary uly üstünlik bilen“Karrier Engineering Co.” kompaniýasyny açdylar. Mundan başgada 1922-nji ýylda uly ýerleri sowatmaga mümkinçilik berýän täze merkezi kompresserli sowadyjy maşyny (centrifugal refrigeration machine) oýlap tapdy. Şeýlelik bilen köp isleg bildirilýän we uly meşhurlyk gazanan howalandyryjy enjamlar peýda bolup başlady. Elbetde, bu gaty uly enjam bolup, onuň öýde ulanylmagyna mümkinçilik bolar diýip hiç kim pikir etmedi.
Sowadyjy 1924-nji ýylda Detroýtdaky amerikan söwda merkezinde ilkinji gezek adam rahatlygy üçin gurnaldy. Içi hemişe yssy bolan bu söwda merkeziň birinji gatynda satuwlar birden ýokarlandy we şol sebäp bilen beýleki gatlara hem sowadyjylar gurnaldy.
Merkezi kompresserorlara esaslanýan sowadyjylara esasan hem kinoteatrlarda we beýleki köpçülik ýerlerinde uly isleg bildirýärdi. Şeýlelikde, 1925-nji ýylda Karrieriň kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky meşhur “Rivoli” atly teatryna howa sowadyjylary gurnamak barada sargydyny aldy.
Ilkinji içerki otag sowadyjysy 1929-njy ýylda “General Electric” tarapyndan öndürildi we ammiakda işleýärdi. Otagda zäherlenmezlik üçin saklanyş çeşmesi otagyň daşyna gurnalýardy. Bu enjam häzirki döwrüň sowadyjylaryna meňzeýärdi. 1931-nji ýylda adamlar üçin zyýansyz sowadyjy, ýagny freon oýlanyp tapyldy şeýlelik bilen sowadyjy “penjire sowadyjylarynyň” nusgasy bolup uzak wagtlap bazary eýeledi.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.