ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, welaýatyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2–4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryny geçirdi. Bu bäsleşigiň baş maksady, hormatly Prezidentimiziň «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna bäsleşigiň 2-nji – etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdylar. Onda çykyş eden eýjejik gyzjagazlar düzgünnama laýyklykda, üç şert boýunça bäsleşip, öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.

Netije-de, şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyrynda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Altyn Saparowa 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa 2-nji orna mynasyp bolup, olar bu bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan ähli gyzjagazlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN