NEPIS TÜRKMEN HALYSY

Haly türkmen milletiniň iň gymmatly we kämil mirasydyr. Biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem dünýäde halyçylygyň ýüregi hasaplanylýar. Halylarymyzdaky ajaýyp nagyşlar milletimiziň gözelliginiň we ýaşaýşa bolan söýgüsiniň nyşanyna öwrüldi. Gaýtalanmajak inçe sungatymyz bolan türkmen halylarynyň waspy diňe bir ýüreklerde ornaşman, eýsem şahyrlarymyzyň kalplarynda hem ylham tapýar. Döredijilik ylhamynyň joşgunyny, mähir-muhabbetini goşa ganata öwrüp, päk zähmetleri bilen gaýtalanmajak sungat eserini döreden çeper elli zenanlarymyz, halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýlerimizde, ýigidiň söwer dosty uçmahy hasaplanýan behişdi bedewlerimizde arzylap, apalap, sarpalap bezäpdirler, bu bolsa biziň milli mirasymyza goýulýan sarpanyň aýdyň nyşandyr.

Irki döwürlerden bäri adamlar gözel tebigatyň – ýaşaýşyň zerur çeşmesi bolan iňňän gymmat baýlykdygyna göz ýetirip, oňa mährini, söýgüsini, zähmetini siňdirip, tebigat baradaky pähim-paýhaslaryny miras galdyrypdyrlar. Tebigatyň özboluşly görnüşi, halk üçin gözelligiň nusgasy bolupdyr. Haly döredijiliginde hem, tebigatda bar bolan dürli ösümlikler, haýwanlar, umuman aýdanyň-da janly-jandarlar, tebigatda bar bolan ähli gözellikler ýerleşdirilip gelnipdir. Aslynda türkmeniň tebigaty, topragy, bedew atlary, dutary, milli   şaý-sepleri, şonuň ýaly-da nepis halylary hem gözeldir. Goý,  mundan beýläk hem, dünýäni haýran edýän türkmen halysynyň owazy äleme dolsyn.

 

 

AÝNA GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy

akademiýasynyň talyby, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 19 okalan

NEPIS TÜRKMEN HALYSY

25 Sentýabr 2025 | 125 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 157 okalan

ABU ALY IBN SINA