Ýakynda Aşgabat şäherinde oba, tokaý hojalygynda we beýleki ýer ulanyş görnüşlerindäki monitoring ulgamyny kämilleşdirmegiň öňünden teklip edilen konsepsiýasyny, modelini we «ýol kartasynyň» taslamasyny tassyklaýjy maslahat geçirildi.
Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini nazara almak bilen howa şertlerine duýgur ýerden peýdalanmak» atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Milli utgaşdyryjy Gülnar Mergenowa duşuşygyň maksadynyň milli bilermenler topary tarapyndan işlenip düzülen iki resminamany: tebigy serişdeleriň ýagdaýyna gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak modelini we «ýol kartasynyň» taslamasyny (çäreleriň sanawyny) ara alyp maslahatlaşmakdygyny düşündirdi.
Esasy çykyş edijiler tebigatyň pudaklarynyň häzirki ýagdaýy barada tanyşdyryşlary we berk delillendirilen teklipleri hödürlän esasy edaralaryň wekilleri boldular. Biologik köpdürlüligi gorap saklamak bilen bagly geçirilen seljerme işiniň netijesini Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alym kätibi, Biologik köpdürlülik barada BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň wekili, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradow tanyşdyrdy. Ýer serişdelerine, şol sanda oba hojalyk maksatly ýerlere gözegçiligiň netijeliligini üpjün etmek boýunça çäreler barada ýurdumyzyň Oba hojalygy ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň başlygynyň orunbasary Gowşut Şadurdyýew habar berdi. Öz gezeginde Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň tokaý we öri meýdanlary laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowa tokaý hojalygynyň maglumat ulgamyny kämilleşdirmegiň zerurlygy barada gürrüň etdi.
Her bir çykyş köp pudaklaýyn toparlarda gyzyklanma döreden pikir alyşmalar bilen utgaşdy, bu bolsa hereket meýilnamasyny gutarnykly doldurmak we gowulandyrmak üçin garaýyşlary alyşmaga mümkinçilik berdi.
Maslahatlaşylan pikirleriň arasynda şäher ýaşaýyş ýerlerini abadanlaşdyryjylaryň, şeýle hem ekolog-tokaýçylaryň, agrar-bagbanlaryň, alymlaryň we önüm öndürijileriň ýüz tutup biljek maglumat-maslahat beriji agroekologik merkezlerini döretmek hem bardy.
– Tokaý hojalygy önümçiligi geljekdäki netijä gönükdirilen, zähmet talap edýän uzak möhletli işdir – diýip, ýurdumyzyň iň tejribeli tokaýçysy Akmyrat Atamyradow nygtady. – Öňki onýyllyklarda döredilen zatlara, ýaňy-ýakynda ekilen nahallara gözegçilik etmek, aýratyn-da biosenozlary we biologik köpdürlüligi gorap saklamak üçin zerur bolup durýar.
Türkmenistanyň çäklerine mahsus bolan ýiti-kontinental gurak howada tokaý zolaklaryny döretmek, ýeriň we ösümlik örtüginiň zaýalanan bölekleriniň bejeriş işleriniň gaty haýal amala aşyrylmagy bilen tapawutlanýar we geçirilen çäreleriň üstünligini derrew görkezmeýär. Ösümlikleriň käbirleri yssy howa sebäpli aýlap arakesme bilen iki möwsümde ösýärler, ýerüsti agramyny gaty haýal artdyrýarlar. Muňa mysal edip, Köpetdagyň iň uzak ýaşaýan agaç görnüşli ösümligi bolan türkmen arçasyny görkezmek bolar, ol agajyň ýokarky püri göwrümini ýylda birnäçe santimetr artdyrýar.
turkmenistan.gov.tm












