ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda asyrlara nusgalyk ägirt işler durmuşa geçirilýär. Abadan ýurdumyzyň her bir pursady şatlyk-şagalaňa, toý-baýramlara, taryhy wakalara, ynsan kalbynda baky galjak ajaýyp pursatlara beslenýär.

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimlerini artdyrmagynda, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde, döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmeginde, sport bilen meşgullanmagynda ählitaraplaýyn goldaw bermek öňde goýlan baş wezipeleriň biridir.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyza, halkymyza, türkmen milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, hünäri boýunça kämilleşmäge höwesjeň ýaşlar kemala gelýär. Ýaşlar öz ukyp-başarnyklary, zehini bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

NARYŇ PEÝDASY BARADA

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 28 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

07 Noýabr 2025 | 20 okalan

NARYŇ PEÝDASY BARADA

04 Noýabr 2025 | 173 okalan

BEREKET-BOLÇULYGYŇ MEKANY