AJAÝYP KITAPLARYŇ WASPY

Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň Bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň bilelikde guramagynda röwşen geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany we zähmete bolan söýgini döretmek maksady bilen etrapdaky  10-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Täsirli geçen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň islendik pudakda zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlar üçin nusgalyk gollanma, ýan kitaplarynyň biri bolup durýandygy, kitap okamak bilen geçmişe, geljege, şu günümize akyl ýetirmekde diýseň uly ähmiýetiň bardygy barada giňişleýin durlup geçildi.

Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar ýaşlaryň ählisi okamaga, bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

 

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI