«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Şu gün “Watan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Jemleýji tapgyrda eýjejik gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, birinji şertiň mazmunyny berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar düzdi.

Ikinji şerti milli egin-eşikleri geýnen, şaý-sepleri dakynan gyzjagazlar olary şahyrana sözler bilen wasp edip ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa olar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, alaja, jorap ördüler, keşde etdiler, haly çitimlerini çitip görkezdiler.

Eminler topary eýjejik gyzjagazlaryň her bir çykyşyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Netijede:

Baş baýraga – Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa;

I orna - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa;

II orna - Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy Gülnar Gurbangulyýewa hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýgözel Muhammedowa;

III orna - Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülnäz Şamyradowa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Melek Esenowa hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Amanowa dagylary eýe boldular.

Şeýle hem, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan gyzjagazlar:

“Mahmal owazly gyzjagaz” diýen Hormat haty - Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Zeýnep Orazmyradowa;

“Milli zynatly gyzjagaz” diýen Hormat haty - Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Oguljennet Döwletgeldiýewa;

“Çeper waspçy gyzjagaz” diýen Hormat haty - Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Narbibi Annagylyjowa;

“Watançy gyzjagaz” diýen Hormat haty - Aşgabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýlar Allaberdiýewa;

“Şahandaz gyzjagaz” diýen Hormat haty - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Altyn Saparowa;

“Saýrak dilli gyzjagaz” diýen Hormat haty - Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aknur Haýitmuradowa;

“Şirin owazly gyzjagaz” diýen Hormat haty - Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülnäz Kemalowa mynasyp boldular.

Bäsleşiginiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Pirnazar REJEPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy

bölüminiň esasy hünärmeni.