Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň 28-nji orta mekdebinde “Meniň okan kitaplarym” atly bäsleşik geçirdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda ylma, bilime teşne ýaş nesillerimiziň arasyndan zehinli okuwçylary ýüze çykaryp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ulgamymyzyň ösüp barýan usullaryndan peýdalanyp, olaryň bilimini has-da artdyrmak hem-de çeper edebiýata bolan höwesini güýçlendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige etrabyň 28-nji orta mekdebiniň ýokary synplarynda okaýan kitapsöýüji okuwçylar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşan okuwçylar bäsleşigiň şertlerine görä, özleriniň okan, islendik dilde ýazylan çeper eserleri barada gysgaça gürrüň bermek, şol kitap boýunça emin agzalarynyň beren sowallaryna doly we dogry anyk jogap bermek boýunça özleriniň zehinlerini, başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, 8-nji synp okuwçy Gülnara Muhammedowa baş baýraga, 8-nji synp okuwçy Serdar Hakyýew 1-nji orna, 11-nji synp okuwçy Kerwen Hanow 2-nji orna, 9-njy synp okuwçy Ogulnur Döwletmyradowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Nazar HANMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň
28-nji orta mekdebiniň mugallymy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.