Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we syýasy howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň 27-nji martda Aşgabada sapary başlandy.
Ýewropa Bileleşiginiň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, hanym Kaýa Kallas Merkezi Aziýa döwletlerine saparynyň çäklerinde Özbegistanda we Gazagystanda hem ýokary derejeli gepleşikleri geçirer.
Aşgabada saparynyň çäklerine ýokary derejeli myhman «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjy taraplar şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk meseleleri we onuň gün tertibi boýunça pikir alşarlar.
turkmenportal
27.03.2025