“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň kitaphanasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak maksady bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň halkara derejesindäki barha artýan at-abraýy, eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň döredilmeginiň ýubileý 80 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygy Milletler Bileleşigi tarapyndan 3-nji gezek ykrar edildi edilmegi, barada döwletimiziň iri halkara guramalary hem-de dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dostana gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňleri ýerine ýetirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny dowam edýän tagallalary bilen dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty, şanly ýylymyzyň şygarynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin bellenildi.

 

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 982 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 982 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 306 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN