«SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşinıň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi.

Häzirki wagtda bedenterbiýe we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy, onuň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden, mekdep okuwçylarynyň beden saglygyny berkitmek, olaryň ukyp-başarnygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Sport çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI