MILLI MIRASYMYZ GYMMATLY GENJI HAZYNAMYZDYR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp hem-de ýaş nesillerimiziň taryhy we medeni mirasymyza bolan garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen kämillik ýaşyndaky okuwçylaryň gatnaşmagynda «Milli mirasymyz gymmatly genji hazynamyzdyr» atly şygar astynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurady.

Gezelenç çäresine gatnaşanlar geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakynda söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar hem-de sergiler bölümleri bilen giňişleýin tanyşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sergä gatnaşan okuwçylar şeýle Bagtyýar parahat abadan durmuşda okap, ylymly-bilimli bolmaga goldaw berýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar

Hurşida ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 665 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 974 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 294 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN