KÖÇE WE ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERINI DOGRY BERJAÝ EDELIŇ!

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem guramaçylykly geçirilip, onuň çäklerinde ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr-maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Köçe we ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý edeliň!” atly temada düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik okuwçylaryň mekdebe baranlarynda we gaýdanlarynda köçe ýol-hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeklerini gazanmak, ýollarda, köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilip, onda okuwçylar ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, ýol hereketiniň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmeginiň möhümdigi baradaky düşünjelerini goşgy setirleri bilen hem beýan etdiler.

Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça düzme ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 77 okalan

GARAŞSYZLYK SENASY — MIZEMEZ ÝURT BINASY

18 Sentýabr 2025 | 142 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI