TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY – MILLI MIRASYMYZ

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we  kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige eli çeper keşdeçi zenanlarymyzyň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar, onuň şertlerine laýyklykda türkmen keşdeçilik sungaty barada gürrüň berip, keşde çekip, ony labyzly wasp etdiler. «Elimden çykan egnime ýarar» diýlişi ýaly, öz eden el işlerini geýip, onuň waspyny çeper sözleriň, goşgy setirleriň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler. Bäsleşik gyzykly hem-de täsirli boldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar, olara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çärä gatnaşan zenanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar