TEBIGAT GÖZELLIGI – ÜLKÄMIŇ BEZEGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Akdepe etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň çagalar sungat mekdebinde “Ekologiýa abadançylygy ugrunda” atly surat çekmek bäsleşigini geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, okuwa, döredijilige bolan höweslerini ösdürmek maksady bilen guralan bäsleşige Akdepe etrabynyň orta mekdeplerinde okaýan 7-8-nji synp okuwçylar gatnaşdylar.

Bu bäsleşik okuwçy ýaşlar üçin ýatda galyjy we örän gyzykly boldy. Surat çekmek bäsleşiginde ýaş nesiller tebigatyň gözelligini wasp edýän çeperçilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Emin agzalaryň gelen netijelerine laýyklykda etrabyň 54-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Orazmedowa 1-nji orna, 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Arzuw Bagtyýarowa 2-nji orna, 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Diýar Orazgeldiýew 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY